Öndürmek we hil kepilligi

In ýokary hilde döwrebap derman öndürmek

MENARINI Group toparynyn filosofiýasyny saklamak bilen, BERLIN-CHEMIE kompaniýasy derman önümlerini öndürmekdäki köpýylyk tejribesi hem-de höwesjen we mynasyp topary arkaly mümkin bolan in döwrebap we howpsuz derman önümçiligini ýokary hilde alyp barmagy kepillendirýär.

Berlin-Adlershofdaky, Berlin-Britz we Kalugadaky (Russiýa) önümçilik ýerlerinde gaty dozaly önümler (gerdejikler, plýonka örtükli gerdejikler we örtükli gerdejikler), suwuklyklar (siroplar we damjalar) we suppozitoriýalar öndürilýär.

BERLIN-ADLERSHOF BERLIN-BRITZ KALUGA
  • Suppozitoriýalar
  • Suwuklyklar
  • Ähli görnüsli dermanlary gaplamak
  • Gerdejikler
  • Plýonka örtükli gerdejikler
  • Örtükli gerdejikler
  • Gerdejikler
  • Plýonka örtükli gerdejikler
  • Örtükli gerdejikler

 

Önümçilik desgalary doly döwrebaplasdyryldy we häzirki zaman tehnologiýasy bilen enjamlasdyryldy. Uly tagallalar, dürli mümkinçilikler, ýokary hilli standartlar we döwrebap tehnologiýalar ýokary hilli we täsirli derman önümçiligini kepillendirýär.

25 sany gaplaýys hatary

> 60-dan gowrak öndüris desgalary

Jemi alnanda üç önümçilik merkezimizdäki 350-den gowrak isgär ýyllyk ulanmaga taýýar bolan derman önümlerinin 335 milliondan köp gabyny öndürýär we olar hem dünýänin dürli ýerlerindäki keselleri bejermek üçin peýdalanylýar. Sol sebäpli BERLIN-CHEMIE kompaniýasy MENARINI Group toparynyn çäginde in uly önümçilik ukybyna eýedir.

Goşmaça temalar