Durnuklylyk we sosial goşant

Durnukly ösüşe wepaly

Biziň maksadymyz täzeçil derman önümlerini işläp taýýarlamak we öndürmek arkaly dünýäniň saglygyna goşant goşmakdyr. Derman öndürijisi hökmünde biziň öz önümlerimize ýörite jogapkärçiligimiz bar. Müşderile ýetjek töwekgelçilikleriň öňüni almak mAKsady bilen biziň önümlerimizde iň ýokary hili kepillendirmek üçin olar dowamly gözegçilikden we synaglardan geçirilýär. Şeýle hem, bu biziň döwrebap öndüriş şertlerimize hem degişlidir. Biz durnukly we geljek ähmiýetli özgertmeleri gazanmagy we tygşytly, tebigaty we jemgyýeti goraýan usulda işlemegi öz borjumyz diýip hasaplaýarys.

Tebigat üçin jogapkär

Derman önümleri öndürilende, biz çeşmeleri goramak we tebigata ýetirilýän täsiri azaltmak üçin jogapkärçilik çekýäris we ykdysady taýdan tebigat we energiýa babatda tygşytlylygy dowamly ýokarlandyrmaga wepalydyrys.

Meselem, biz energiýa tygşytlylygy boýunça birnäçe mümkinçiliklerden peýdalanýarys we netijede tebigaty goramaga goşant goşýarys. Mundan başga-da, ýeterlik tehniki we guramaçylyk usullary arkaly biz ulanylýan çig mallaryň we gaplaýyş materiallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga synanyşýarys.

Işgärlerimiziň jogapkärçilikleri

Biz iş howpsuzlygynyň menejerlik derejesindäki jogapkärçilikdigine ynanýarys. Şol sebäpli, kompaniýanyň çägindäki şertleriň işgärlere öz işlerini amala aşyrmaga we zepersiz iş zolagyny döretmegini üpjün edýäris. Howplar we töwekgelçilikler ulgamlaýyn usulda aýrylýar ýa-da iň az mukdara getirilýär.

Ulgamlaýyn usullar, tehniki enjamlar, işgärleriň ilkinji we goşmaça hünär taýýarlygy we ýolbaşçylar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk arkaly biz öz işgärlerimiziň we hyzmatdaşlarymyzyň howpsuzlygyny gazanýarys.

Goşmaça temalar